Her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, ýurduň mäkäm goraglylygynyň toýy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.
Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.
Iki gatly döwrebap kottejleriň her biri 5 otagdan ybarat. Olar giň eýwany, myhman jaýyny hem-de umumy otaglary, döwrebap durmuş tehnikalaryny we mebeller bilen üpjün edilen aşhanany, hojalyk otaglaryny öz içine alýar. Jaýy timarlamak işlerinde döwrebap serişdeler ulanylypdyr.
Öýüň giň otaglarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda maşgala dabaralaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Kottejleriň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda hem-de jaýlaryň golaýynda saýaly baglar oturdylypdyr.
* * *
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, il sylagly ýaşulular we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
* * *
Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Ulanmaga berlen 4 gatly, 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynda asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
