DÜNÝÄ

Waşington şäherinde türki d̈owletleriniň ilçihanalary tarapyndan Nowruz baýramy bellenildi

ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherindäki Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ilçihanalary bilelikde Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdiler.

Baýramçylyk çärelerine ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Döwlet departamentiniň we Kongresiniň wekilleri, amerikan kompaniýalarynyň we işewürlik geňeşleriniň agzalary, diplomatik korpusyň wekilleri hem-de ABŞ-da ýaşaýan türki halklarynyň diasporalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ABŞ-nyň Ilçisi Meret Orazow açylyş sözünde ýygnananlary Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň Türkmenistanda baý däp-dessurlara esaslanýan baýram hökmünde giňden bellenilýändigini nygtady. Şeýle hem Ilçi şu ýylda Türkmenistanyň Baky Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň Baky Bitaraplygy” atly rezolýusiýanyň kabul edilendigini mälim etdi. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenipdi. Ilçi şol bir wagtyň özünde bu resminamany goldan ähli döwletlere minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigi aýratyn bellenildi.

Bu medeni çäre gatnaşyjy guramaçy ýurtlaryň her biriniň milli aýdym-saz we tans çykyşlaryny öz içine aldy. “Silk Road Dance” amerikan topary çykyş edip, ÝUNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdi. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi, baýramçylyk çäresi bolsa türki halklarynyň milli tagamlary, şol sanda türkmen milli aşhanasynyň datly naharlary bilen baýlaşdyrylan resmi kabul edişlik bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyda saparda bolar