TEHNOLOGIÝA

«Vivo S6 5G» 31-nji martda satuwa çykarylar

«Vivo S6» akylly telefony 31-nji martda Hytaýda alyjylara hödürlener. Oňa internetiň bäşinji nesli bolan 5G ulgamy hem birikdirilendir. Bu telefonyň öňündäki hem-de yzyndaky kameralarynyň ikiside 32 megapiksele barabardyr. Kompaniýa bu telefonyndan oňat girdeji gelmegine garaşýar. Çünki bu telefon geçen ýylda alyjylara ýetirilen « Vivo S5» akylly telefonyndan has kämil görnüşde döredildi. Häzirki wagtda kompaniýanyň «Vivo S6» akylly telefonyna gelýän sargytlaryň sany barha artýar.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar