Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda üç günläp dowam eden halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 10-12-nji oktýabry aralygynda Söwda senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat öz işini uly üstünlikler bilen jemledi. Biri-birinden sazlaşykly bezegi, göze gelüwligi bilen tapawutlanýan pawilýonlar sergä gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlar, şeýle-de bu ugurlarda alnyp barylýan taslama işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi. Bu ýerde dünýä belli kompaniýalaryň dürli görnüşde ýaýbaňlandyran sergi pawilýonlary bolsa, ýurdumyz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň görkezdi. Üç günläp dowam eden halkara sergide saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda ýurdumyzyň gazananlaryny, ýaşlaryň bu ugurlardaky saldamly goşantlaryny açyp görkezýän, biri-birinden täzeçilligi bilen tawutlanýan pawilýonlary synlanymyzda, Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine buýsanjymyz ýene bir gez artdy. Şol sanda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşýan günlerimizde işini üstünlikli jemlän halkara sergi sözüň doly manysynda ýakyn we alys ýurtlaryň saglygy goraýyşda, ylymda, sportda gazananlaryny, üstünliklerini, tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga ýardam etdi. Munuň netijesinde, parahatçylygyň Watanynda halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesiniň barha rowaç tutumlary öz beýanyny tapdy.
Dabaralar tamamlanýar, ýöne onuň galdyran ýakymly täsirleri kalbyňda hemişelik galýar. Ol ajaýyp täsirler dogrusyndaky söhbetler uzak menzilleri nazarlaýar. Şeýle bolansoň, üstünliklere beslenip tamamlanan halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan hünärmenleriň alyp barýan işleri dogrusyndaky gürrüňlerini, şeýle-de, özlerinde galdyran täsirlerini “www.atavatan-türkmenistan.com” saýtynyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik:
Diýorbek RUSTAMBEKOW,
Özbegistanyň BP Pharma Healthcare
kompaniýasynyň eksport bölüminiň Daşary
ykdysady işler boýunça esasy hünärmeni:
— Biziň kompaniýamyz Türkmenistanda ilkinji gezek halkara sergä gatnaşýar. Meniň Aşgabada hem ilkinji sapar gelşim. Şäheriň owadanlygy, arassalygy, ajaýyp binalary mende ýakymly täsirleri galdyrdy. Galyberse-de, şeýle ajaýyp şäherde ýokary üstünliklere beslenip geçirilen halkara sergi we ylmy maslahat bize diňe bir saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde, işimize täzeçe hyjuw bilen çemeleşmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Kompaniýamyz barada aýtsam, 2016-njy ýylda işe başladyk. Derman serişdelerini öndürmekde iki ugur boýunça iş alyp barýan kompaniýamyz, aýratynam çagalar we ulular üçin niýetlenen, kepillikli, ýokary hili bilen tapawutlanýan, hususan-da, tebigy goşundylardan taýýarlanan, täsirli we elýeterli bejergilere gönükdirilen saglyk önümlerini öndürýär.
Derman serişdelerimiz, esasanam, dürli görnüşdäki damjalardan, siroplardan, kapsulalardan, gerdejiklerden ybarat bolup, olaryň aglaba bölegi merkezi nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerini bejermäge niýetlenendir. Aýratynam, çaganyň kadaly ösüşine oňaýly täsir edýän derman serişdelerimiz witamin ýetmezçiligi bilen bagly keselleri bejermekde ulanylýar. Biziň esasy maksadymyz ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän, ýokary hile eýe bolan derman serişdelerini öndürmekden ybarat. Bu babatda, esasanam, Ýewropa ýurtlary we Hytaý döwleti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, şeýle-de sebitimizde ösýän dermanlyk ösümliklerden önümleriň dürli görnüşlerini öndürýäris. Häzirki wagtda daşary döwletlere eksport etmek işini üstünlikli amala aşyrýan kompaniýamyz, Türkmenistan döwleti bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Öz işini üstünlikli tamamlan halkara sergi bize geljekde işimizi täzeçe gözlegler bilen alyp barmakda baý tejribe toplamaga, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge giň mükinçilikleri döretdi.
Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.