SPORT

Ukrainaly boksçy dünýä çempionlygyny täzeden ykrar etdirdi

Köp sanly boks muşdaklarynyň garaşylýan tutluşygy geçirildi. Onda ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen britan boks türgeni Entoni Joşua duşuşdy. Britan garşydaşyny ýeňmegi başaran ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA Super), Halkara boksa federasiýasy (IBF), Bütindünýä boks guramasy (WBO) we Halkara boks guramasy (IBO) boýunça dünýä çempionlygy derejesini goramagy başardy.

Jogap tutluşygy hökmünde geçirilen bu duşuşygy Saud Arabystanynyň Jidde şäheri gurnady. 12 döwden ybarat bolan tutluşykda ukrainaly türgen emin agzalarynyň çykaran netijesi bilen ýeňiş gazandy. Eminleriň biri britan türgeniniň ýeňiş gazanandygyny hem bellese, beýleki iki emin bolsa ukrainaly boksçynyň ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Usik bilen Joşua dünýä çempionlygy derejesini gazanmak ugrundaky boks tutluşygyna çykypdy. Şol tutluşykda hem ukrainaly boksçy Usik ýeňiş gazanypdy.

Ukrainaly boksçy 35 ýaşynda bolup, professional ringde 20 ýeňiş gazandy. 32 ýaşyndaky Joşua bolsa, 24 gezek ýeňiş gaznayp, 3 gezke ýeňlipdi.

WBC ugry boýunça agyr agramdaky dünýä çmepiony Taýson Fýuri bolmagynda galýar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy