Slowakiýada işlenip düzülen we geljegiň awtoulagy hasaplanýan uçýan ulag “AirCar” ulagyny satuwa çykarylmaga taýýar edildi.
2500 metrden gowrak beýiklige we tizligi 200 kilometre ýetip bilýän uçýan awtoulag satuwa çykmaga bir ädim ýakynlaşdy. Awtoulag ulagyndan üç minudyň içinde uçara öwrülip bilýän “AirCar” ulagy Slowakiýada howpsuzlyk synaglaryndan geçensoň, resmi şahadatnama berildi.
Ulagyň laýyklyk şahadatnamasy Slowakiýanyň ulag gullugy tarapyndan berildi.
Gibrid awtoulag uçary bolan “AirCar” ulagy “BMW” hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr we adaty benzin nasos ýangyjynda işleýär. Awtoulagdan uçara öwrülmegi üçin iki minut 15 sekunt gerek. Uçýan ulagy işläp düzen professor Stefan Kleýn: “Bu kepilnama, uçýan awtoulaglaryň köpçülikleýin öndürilmegine gapy açýar. Bu orta aralyk syýahatyny hemişelik üýtgetmek ukybymyzyň resmi we soňky tassyklamasydyr” diýdi.
Geçen ýylyň iýun aýynda uçýan awtoulag Nitra we Slowakiýanyň Bratislawadaky halkara howa menzilleriniň arasynda 35 minutlyk uçuş ýerine ýetiripdi. Kompaniýa ýakyn wagtda Parižden Londona uçmagy meýilleşdirýär.
“AirCar” ulagynda “BMW” modellerinden bilinýän 1,6 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisi bar. Raýat awiasiýasynyň administrasiýasyndan geçen bahany alan bu model 2500 metr belentlikde we iň ýokary tizligi sagatda 190 km bolup biler.
Şahadatnamany alandan soň, Stefan Kleýn: “AirCar-yň kepilnamasy, geljekde uçýan awtoulag dizaýnlary üçin görelde bolar. Bu kepilnama, adaty uçuş tejribesini hemişelik üýtgedip biljekdigimiziň subutnamasydyr” diýýär.