SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Uçar gatnawlarynyň Kazan şäherinden amala aşyrylmagy barada

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça gatnawy togtadyldy. Şol sebäpli Moskwadan uçmak üçin satyn alnan awiabiletler bilen Kazan şäherinden şol gün we şol sagatda uçmak mümkinçiligi bardyr. Bu barada  «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň “turkmenistanairlines.ru” saýtynda bellenilip geçilýär.

Moskwadan amala aşyrylýan ähli gatnawlar Kazan şäheriniň how menziline geçirildi. Bu gatnawlaryň rejesi şeýle:

 1. Sişenbe güni: T5704 Kazan-Aşgabat uçuş wagty 22:45, Aşgabada gonuş wagty 03:55/+1

2. Çarşenbe güni: T5726 Kazan-Aşgabat uçuş wagty 22:20, Aşgabada gonuş wagty 03:30/+1

3. Anna güni: T5724  Kazan-Aşgabat  uçuş wagty 08:35, Aşgabada gonuş wagty 13:45

4. Şenbe güni: T5706 Kazan-Aşgabat uçuş wagty 17:10, A;gabada gonuş wagty 22:20

Şeýle hem 08.08.2023-nji senesinden başlap, Domodedowa howa menzilinden Kazan şäherinde ýolagçylary gatnatmak işi hem amala aşyrylmaýar.

Ýolagçylaryň özbaşdak Kazan şäheriniň howa menziline barmagy zerurdyr.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi