JEMGYÝET

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň nobatdaky 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy türkmen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» yglan edilmegi mynasybetli esasy çäreleriň biri boldy.

Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny halkara derejesinde öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady we olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-yň Işiniň maksatnamasyny tassyklady.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi