TEHNOLOGIÝA

“Türksat 5B” emeli hemrasy kosmosa uçuryldy

Türkiýe Respublikasynyň “Türksat” emeli hemralarynyň üsti täzesi bilen ýetirildi. Emeli hemralaryň arasynda iň güýçli boljak “Türksat 5B” emeli hemrasy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Keýp Kanaweral kosmodromyndan “Space X” kompaniýasyna degişli “Falcon 9” raketasy bilen kosmosa iberildi.

Emeli hemranyň kosmos giňişligine iberilmegi bilen baglanyşykly dabara Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Ol Türkiýäniň güýçli we iň ýokary kuwwatly aragatnaşyk hemrasy bolan “Türksat 5B” emeli hemrasyny kosmosa uçurandyklaryny mälim etdi. Prezident Ärdogan bu babatda “Space X” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maska minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýäniň täze emeli hemrasy “Türksat 5B”, türk wagty bilen 06:58-de ABŞ-nyň Florida ştatynyň Keýp Kanaweral kosmodromynda kosmosa üstünlikli uçuryldy.

“Türksat 5B” hemrasy 42 gradus gündogar orbitasynda hyzmat edýän we teleýaýlymlaryň agramyny göterýän “Türksat 3A” we “Türksat 4A” hemralary üçin ätiýaçlyk bolar.

“Türksat 5B” emeli hemrasynyň işe girizilmegi bilen maglumat geçiriş tizligi we kuwwaty 15 esse artar.

“Türksat 5B”, tutuş Ýakyn Gündogary, Pars aýlagyny, Gyzyl deňzi, Ortaýer deňzini, Demirgazyk we Gündogar Afrika, Nigeriýa, Günorta Afrika we ýakyn goňşy ýurtlary, şeýle hem Türkiýäni öz içine alýan giň meýdanda hyzmat eder. Ýük göterijisi bilen jemi 55 Gbit / sekdan gowrak maglumat geçiriş ukybyny üpjün eder.

Türkiýäniň hemra maglumatlary aragatnaşygynyň kuwwaty bolan Ka-Band kuwwatyny 15 esse artdyrjak “Türksat 5B”, hemra aragatnaşygynyň ulanylýan deňiz we awiasiýa ýaly söwda pudaklarynda öz ornuny alar.

Türkiýede işjeň aragatnaşyk hemralarynyň sany 5-e, hemralaryň umumy sany bolsa 8-e ýetdi.

 

Baýramçylykda 4 myhman çagyrmaga rugsat edildi

Ýene-de okaň

Mask robotlaşdyrylan taksi hyzmatyny ýola goýýar

“San­ly çöz­güt-2025”: eme­li aň ugry hem goşuldy

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar