TEHNOLOGIÝA

“Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew aragatnaşyk pudagyna ýöriteleşen halkara guramalar bilen sanly ulgamlary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Türkmenistanyň bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurduň aragatnaşyk pudagynda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä poçta birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.

“Poçta hyzmatlaryny halkara talaplara laýyk getirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm bolup durýar” diýip, döwlet Baştutany aýtdy we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdirmek baradaky teklibi makullady hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi