SPORT

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginden orun aldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň sanawyndan orun aldy. Zenanlar ýygyndy toparymyz FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 137-nji orunda ornaşdy. Bu barada FIFA-nyň resmi saýtynda aýdylýar.

Ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysy FIFA-nyň reýtingine Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy tarapyndan Duşenbe şäherinde geçirilen halkara ýaryşyndaky çykyşyndan soň sanawa goşuldy.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz halkara ýaryşynda dört duşuşyga gatnaşyp iki utuk toplamagy başardy.

FIFA-nyň reýtinginde ýokarky orny ABŞ-nyň ýygyndysy eýeleýär. Ikinji orunda Angliýanyň ýygyndy topary ornaşmagy başardy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy