BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinjisi dünýäniň ähli uniwersitetleriniň sanawyna girizildi

“All University Info” boýunça dünýäniň ähli uniwersitetleriň sanawyna Türkmenistandan ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hasaba alyndy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
“All University Info” sanawynda dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleri hasaba alnan. Bu ýerde öz ýurdunyň uniwersitetleriniň sany boýunça iň öňdebaryjy 10 ýurduň sanawy düzülýär.
Ähli uniwersitetleriň sanawy ýurtlar, şeýle hem Afrika, Aziýa, Merkezi Amerika, Ýewropa, Orta Gündogar, Demirgazyk Amerika, Okeaniýa, Günorta Amerika we Karib adalarynyň ýurtlary ýaly sebitler boýunça tertipleşdirilýär.
“All University Info” sanawy “QS World University Ranking” reýtingine salgylanýar we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, “All University Info” dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplar üçin has meşhurdyr.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary