DÜNÝÄ

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň Aşgabada sapary

Şu gün, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ilçi Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmegine berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu ugurda, geljekde Türkmenistanyň ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň derwaýyslygy hem bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, özara hereketleriň häzirki hereket edýän ikitaraplaýyn gurallarynyň, hususan hem «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan», Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry meseleleri boýunça Konsultatiw duşuşyklaryň, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky özara hereketleriň netijeliligi beýan edildi.

Duşuşygyň çäklerinde howpsuzlyk, durnukly ösüş we ynsanperwerlik ugry boýunça alnyp barylýan gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça durmuşa geçirilýän sebitleýin taslamalaryň hem iş ýüzündäki oňyn netijesi bellenilip geçildi. Şunda, kiber jenaýatçylyklaryna garşy göreşmek, maglumat we biologiki howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy boýunça çäreler bilelikdäki hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

 

11-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler