DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa sapary

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine şu ýylyň 30-njy marty-2-nji apreli arasynda boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalygy pudaklarynda, ulagda, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirilýär. Olaryň dowamynda möhüm ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine garalar.

Şeýle hem 2-nji aprelde Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlary syýasaty ugurlarynda köp taraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň Döwlet sirkiniň hem-de Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalar gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Ýene-de okaň

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Azerbaýjan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Mali Awazadaky forumy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar