DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlarynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly ugurlar esasy orny eýeleýär.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti gurluşygy jemleýji tapgyrda dowam edýän Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berdi hem-de bu taslamanyň gurluşygynyň ekologik we «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylýandygyna aýratyn üns çekdi.

Ýene-de okaň

Energetika babatda türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistan Ženewa şäherinde geçiriljek SPECA duşuşygyna gatnaşar

Kaýa Kallas: ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda täze sahypa açylýar

Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň esasy bilim edaralaryna baryp gördi

Türkmenistan Rumyniýada Nowruz dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Rumyniýa ÝUNESKO-nyň çäginde hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar