DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 2025-nji ýylyň 20-22-nji oktýabry aralygynda geçirilýän Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşýar.

Wekiliýete Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň başlygy Ş.Serýaýew hem-de Türkmenistanyň Milli antidoping agentliginiň başlygy L.Artykowa ýolbaşçylyk edýär.

Sessiýanyň gün tertibine Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar, Sportda dopingi aradan aýyrmak boýunça gaznanyň işi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri, şeýle hem bilim, öňüni alyş we antidoping gymmatlyklaryny wagyz etmek babatynda döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmek ýaly giň ugurlar girizildi.

Konwensiýanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan bu ýubileý sessiýasy gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalarynyň wekillerini hem-de degişli ugur boýunça bilermenleri sportda arassalygy we aç-açanlygy üpjün etmek, antidoping bilimi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşylmak üçin bir ýere jemledi.

Mejlisleriň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Konwensiýanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de ÝUNESKO-nyň sporty arassalygyny goramak we dopinge garşy göreşiň halkara mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryna goldawyny bildirdi.

Bu ugurda alnyp barylýan Türkmenistanyň işleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmäge, halkyň saglygyny berkitmäge we päk oýun medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy