MEDENIÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti “Prix Italia-2023” fewstiwalyna gatnaşdy

Italiýanyň Bari şäherinde RAI teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli “Özüňe çek” Prix Italia-2023 festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleýiti hem gatnaşdy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Şol wekiliýetiň çäklerinde bolsa duşuşyklar geçirildi, esasan RAI teleýaýlymynyň prezidenti, Italiýanyň daşky gurşawy goramak ministri hem-de Bari şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar boldy.

Şeýle hem Italiýanyň RAI teleýaýlymynyň söwda we alyş çalyş bölüminiň müdiri bilen duşuşyk boldy, bu duşuşyklaryň hemmesinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikeri barada, esasan RAI teleýaýlymy bilen ähnama baglanyşmak barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem Prix Italia festiwalynyň prezidenti we baş kitaby bilen duşuşyklar boldy. Oktýabr aýynyň 6-na Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Asyl “Möý adam” komiksiniň ýekeje sahypasy rekord bahada satyldy

Türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi