MEDENIÝET

Kosmosda surata düşüriljek ilkinji çeper film

Russiýaly kinorežissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild kosmosda kino surata düşürmäge taýýarlyk görýär. Gazagystandaky “Baýkonur” kosmodromynda kosmosda surata düşüriljek ilkinji çeper filmiň taýýarlyk işleri jemleýji tapgyrda alnyp barylýar.

“Soýuz MS-19” kosmos gämisiniň komandiri Anton Şkaplerow, kinorežissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild asman giňişligine çykmak üçin taýýarlyk görýär.

Kosmos gämisi 5-nji oktýabrda asman giňişligine göteriler. Uly bolmadyk surata düşüriş topary kosmonawtlar ýaly taýýarlyk işlerden geçerler.

“Çagyryş” atly film Russiýanyň “Roskosmos” edarasynyň kömegi bilen surata düşüriler. Filmde kosmonawty gyssagly operasiýa etjek lukmanyň kosmos bekedine uçuşy suratlandyrylar.

Kosmos düzgünlerine görä, ätiýaçdaky ekipaž hem edil kosnonawtlar ýaly yzygiderli türgenleşik geçýär: Olaryň arasynda kinooperator Alekseý Dudin we aktrisa Alýona Mordowina hem bar.

Bu kosmos uçuşy filmiň surata düşürilmegi bilen bilelikde azyndan 12 gün dowam eder.

 

“Airbus” kompaniýasy “uçýan taksisini” tanyşdyrdy

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi