DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Pakistan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçy we tehniki hünärmenleri bilen taslamalar boýunça toplumlaýyn gepleşikleri geçirmek üçin 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary-4-nji fewraly aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýetiniň agzalary Owganystanda saparda bolup, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de beýleki elektrik taslamalaryň hukuk we tehniki taýdan meseleleri boýunça gepleşikler geçirdi. Şonuň netijesinde, Owganystanyň günbatar böleginde ulanmaga berlen “Nur al-Jihad” podstansiýasynyň elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasy barada degişli şertnama baglanyşyldy.

 

Türkmenistan bilen Owganystan elektrik geçirijisi boýunça şertnama baglanyşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Marokko ilçi belledi

Germaniýanyň täze kanslerini kesgitlejek saýlaw

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň daşary ykdysady ugry boýunça täze resminamalar taýýarlanýar

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Seulda ýylyň şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi