DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda we Pakistanda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýetleriniň Yslamabat we Nýu-Deli şäherlerinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Hindistan» görnüşdäki duşuşyklara gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Türkmen wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça adatdan daşary mejlisidir. Bu mejlis Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçiriler.

Türkmenistan dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermek bilen, möhüm taslamalary amala aşyryp, goňşy ýurtda durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşýar. Hususan-da, gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoly gurmak barada barýar.

Bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini ýetirmek, owgan halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly yzygiderli geçirilýän işleri aýratyn nygtamak bolar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Yslamabatda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeleri guramak teklip edilýär.

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Teklip edilýän gurallaryň energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda amala aşyrylýan we Merkezi Aziýa hem-de Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirýän taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin möhümdir.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berler.

Nýu-Delide türkmen-hindi syýasy maslahatlaşmalary geçirmek hem teklip edilýär. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

 

THY: ýörite gatnaw meýilleşdirilýär

Ýene-de okaň

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar