JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy.

“Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň  dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky on ýyllyklarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag birikmesiniň global atlasyny (Global Atlas of Sustainable Transport Connectivity), Global energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini (Global Energy Security and Sustainability Cooperation Alliance) döretmek we Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ykdysady geçiş boýunça ählumumy maksatnamany (Global Circular Economy Transition Framework) işläp düzmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler