DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy.

Sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy Geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça Halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça Birleşdirilen Maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bu halkara guramalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda neşe serişdeleriniň global gözegçiligi babatynda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmeginde we olaryň kämilleşdirilmeginde Neşe serişdeler boýunça komissiýanyň ornunyň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň guramaçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip, ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan işler barada aýtdy, bu ýaramaz nogsana garşy barlyşyksyz we berk göreşmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutýan esasy bir ugury bolup durýandygy belledi.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigi, kämil enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi barada, şeýle hem halklara we jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ilat bilen, aýratyn hem ýaşlar bilen wagyz-nesihat işleriň geçirilýändigi sessiýa gatnaşyjylara gysgaça habar berildi.

Şeýle hem, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmekde ýurdumyzyň oňyn tejribesiniň bardygy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmenistan BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan neşe serişdelerine garşy göreş boýunça meselelere degişli ýokary derejeli köptaraplaýyn forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýandygy bellenildi.

Bu netijeli tejribäni dowam etmek maksady bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça Kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.

Şeýle hem Komissiýa rezolýusiýalaryň taslamalaryna seretdi we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.

 

“El Klasiko” duÅŸuÅŸygy Madridde oýnalar

Ýene-de okaň

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Argentinanyň Prezidenti Italiýanyň raýaty boldy

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy