JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandyna ýokary baha berdi.

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentine iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ünsi we bilelikdäki taslamalary üçin hoşallygyny bildirdi.

Taraplar “KAMAZ”, “Tatneft”. “Kazanyň dikuçar zawody” we KER-holding ýaly Tatarystanyň kompaniýalary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady-medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşdylar.

 

Saýlaw-2022: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Soňky 125 ýylyň iň gowy 25 kitaby

Ata Watan Eserleri

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri