JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Özbegistanda duşuşarlar

Şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçiler. Bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sammitiň çäklerinde gurama agza ýurtlaryň biri bolan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ikiçäk duşuşygy bolar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň halkara meseleler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow belläp geçdi.

“Ria Nowosti” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň Prezidentleri, şeýle hem Hindistanyň we Pakistanyň Premýer-ministrleri bilen duşuşyklar geçirer.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 15-16-njy sentýabrda Samarkant şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 22-nji mejlisi geçirilýär. Oňa gurama gaza döwletleriň – Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyz Respublikasy, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistanyň ýolbaşçylary gatnaşar. Şeýle hem sammitde guramanyň synçy döwletleri bolan Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň Prezidentleri öz orunlaryny alarlar.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň Prezidentleri bolsa, bu sammitne hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi