JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri öňde boljak sammitleri ara alyp maslahatlaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we öňde boljak sammitlere görülýän taýýarlyklar barada pikir alyşdylar.

– Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmen-rus hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda taraplaryň çemeleşmeleri tassyklandy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Telefon söhbetdeşliginde oktýabr aýynda Türkmenistanda we Russiýada boljak iri halkara çäreler – Moskwada GDA-nyň sammiti we Kazanda BRIKS sammiti, şeýle hem Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny hem iberipdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi