JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Hytaýyň Prezidentleriniň duşuşygy

Pekinde geçirilen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şu gün, ýagny 5-nji fewralda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda Halk wekilleriniň öýünde duşuşygy geçirildi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň üstünden geçen 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda uly ösüşleriň gazanylandygyny, strategik hyzmatdaşlykda ýokary derejelere ýetilendigini belledi.

Şeýle hem Si Szinpin Hytaýyň hemişe türkmen-hytaý gatnaşyklaryna strategik we uzakmöhletleýin nukdaýnazaryndan seredýändigini belläp, Hytaýyň Türkmenistanyň ygtyýarly dosty we hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Mundan başga-da, HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň konstruktiw we okgunly ösüşe eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin Türkmenistan bilen işlemäge taýýardygyny mälim etdi.

Si Szinpin iki ýurduň arasynda tebigy gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirip, giň mümkinçiliklere eýedigini belledi. HHR-iň Başlygy Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmadaşlygy has ýokary derejelere çykarmak üçin hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny belläp, tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň we möçberiniň giňeldilmegi babatda gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdi.

Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşiklerde “Bir guşak-bir ýol” we “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak babatda ylalaşyldy.

Hytaý tarapy Türkmenistan bilen köpçülikleýin sanjym ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde Pekinde üstünlikli geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralarynyň şaýady bolmakdan hoşal bolandygyny belläp, Türkmenistan bilen Hytaýyň ygtybarly dostlar we hyzmatdaşlar bolup durýandygyny aýtdy.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň gazanylandygy, iki ýurduň halklaryna gözle görünen derejede peýda getiren nebtgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Hytaý bilen bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açyp, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny durmuşa geçirmäge taýýardygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar golaýda geçirilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” onlaýn sammitiniň üstünlikli we netijeli bolandygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary derejedäki gepleşiklere hytaý tarapyndan Döwlet Geňeşiniň agzalary Din Sýuseýan, Ýan Szeçi, Wan I, He Lifen we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy.

 

Hormatly Prezidentimiz gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy