JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Eýranyň metbugaty habar berýär.

Döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm ugurlary babatda pikir alyşdylar.

Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Eýranyň Prezidenti bu sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň-Azerbaýjanyň-Eýranyň arasyndaky tebigy gaz alyş-çalşygy babatda gazanylan ylalaşygyň möhümdigini belledi.

Taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleriň ähmiýetini belläp, Aşgabat bilen Tähranyň arasynda ylmy-tehniki gatnaşyklaryň, şol sanda lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

– Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen serhetýaka gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy babatda oňat çäreler görüldi – diýip, Eýranyň Prezidenti belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Eýranyň üsti bilen tebigy gaz alyş-çalşygy ylalaşygynyň möhümdigini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda üç ýurduň arasynda bilelikdäki topary döretmegi teklip etdi.

 

Çempionlar ligasynda bijeler täzeden çekildi

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy