DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 6-njy martynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýewropa Parlamenti bilen nobatdaky 9-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda özara pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlaryna möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.

Şunuň bilen birlikde parlamentara dostluk toparlarynyň iki ýurduň arasyndaky kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda  dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi