JEMGYÝET

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Abu-Dabi şäherinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri, daşary işler ministri Şeýh Abdulla ben Zaid Al-Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada BAE-niň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ministrler Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum we energetika ýaly köp sanly ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýh Abdulla Türkmenistanyň ministriniň bu saparyna ýokary baha berip, onuň iki ýurduň arasynda möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit gün tertibi boýunça pikir alşyp, halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga BAe-niň energetika we infrastruktura ministri Suhail bin Mohammed Al Mazrui we döwlet ministri Ahmed bin Ali Al Saýeg gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär