BILIM

Türkmenistanyň we Awstriýanyň uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Awstriýanyň Krems praktiki ähmiýetli ylymlar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen degişli özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Bu resminama Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew bilen Krems praktiki ähmiýetli ylymlar uniwersitetiniň ýerine ýetiriji direktory professor Karl Ennsfellneriň arasynda gol çekildi.

Bu ähtnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri bilim we ylmy barlaglar taslamalary, alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň alyş-çalşygy ýaly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk eder.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň öňdebaryjy daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäginde alyp barýan halkara işi, uniwersitetiň Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ornuny ýokarlandyrmaga we dünýä bilim we ylym jemgyýetine mundan beýläk-de goşulyşmaga gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular