BIZNES

Türkmenistanyň üstaşyr ýük dolanyşygy artýar

Türkmenistanyň ulag-logistika we üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de gümrük serhedi arkaly ýük dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmaga, üstaşyr harytlaryň çalt daşalmagy we ulag serişdeleriniň kadaly gatnamagy üçin amatly şertleriň döredilmeginde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük nokatlarynyň durkunyň täzelenmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem gümrük işinde maglumat ulgamlarynyň we maglumat tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatlygyny ýokarlandyrdy.

Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda üstaşyr ýük dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrine görä 20% golaý ýokarlandy. Ýurdumyzyň çäginden 2 mln. tonnadan gowrak harytlar üstaşyr geçirilip, bu ugurda awtoulagda ýük daşamalar 25% golaý we demir ýol ulaglarynda ýük daşamalar 6% ýokarlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar