Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ankara şäherinde 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçen ýylda ýurdumyzda geçirilen halkara çäreleri hem-de ýurdumyzyň ykdysady gazananlary we ösüşi hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi.
Brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzalary, Ankaranyň Etimesgut etrap häkiminiň orunbasaru Alaatdin Sonat, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, Palatalar we biržalar birleşiginiň daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Türkiýäniň Mejlisiniň käbir deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türk kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de Türkiýäniň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet gullugynyň (TRT), “Anadolu Ajansy”, “Diplomatik Observer”, “Hürriýet” gazetiniň we birnäçe beýleki ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Metbugat maslahatynyň başynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da ýurdumuzyň gazanan üstünlikleri, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideo ýazgylar görkezildi.
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, ýurdumyzyň amala aşyran syýasy-diplomatik işleri, söwda-ykdysady ösüşi, durmuşa geçirilen giň möçberli taslamalar we dürli pudaklara gönükdirilen maýa goýumlary hakynda beyan etdi. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda bolup geçen uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslatatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilendigi, onuň dowamynda mähriban Watanymyzy täze döwürde ösdürmegiň 2022-2052-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň we beýleki örän wajyp kararlaryň kabul edilendigini mälim etdi.
Şeýle hem Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, deputatlar Ibrahim Aýdemir we Bedri Ýaşar, Türki dilli döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Baş sekretary Adem Kula we beýlekiler özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy bilen gutlap, “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň hemişe üstünlikli bolmagyny arzuw edýändiklerini, ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde iki ýurduň arasyndaky ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlanmagyny arzuw etdiler.
Şeýle hem çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.
Ilçihana tarapyndan geçirilen brifing köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretmek bilen, çäre bilen bagly birnäçe ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar we ýörite teswirler ýerleşdirildi.