JEMGYÝET

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

22-nji noýabrda Stambul kongress-merkezinde Türkiýäniň Energetika ministrliginiň hemaýatkärliginde Anadolu agentligi tarapyndan Stambul energetika forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti, has dogrusy “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew gatnaşdy.

Türk metbugatyndaky habara görä, Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa iberilmegi, şeýle hem nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşdy.

Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar “X” jemgyýetçilik torunda Türkiýäniň Energetika ministrliginiň hemaýatkärliginde Anadolu agentligi tarapyndan “Umumy geljek, umumy maksatlar” şygary bilen geçirilen Stambul energetika forumynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen duşuşandygyny habar berdi.

– Türkmenistan gazyny biziň ýurdumyza we ol ýerden Ýewropa iberilmeginiň alternatiw ugurlary boýunça pikir alyşdyk. Şeýle hem, “BOTAŞ” we “TPAO” milli kompaniýalarymyz bilen Türkmenistanyň nebit we tebigy gaz ýataklarynda durmuşa geçirilip bilinjek bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdyk – diýip, Türkiýäniň ministri Alparslan Baýraktar belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar