JEMGYÝET

Türkmenistanyň tebigy gazyny dünýä bazaryna ibermäge taýýardyrys

Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmek Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen 4-nji türk-german energetika forumyna gatnaşdy. Şol forumda çykyş eden Türkiýäniň energetika ministri öz ýurdunyň Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen dünýä bazaryna çykarmak boýunça iş alyp barmaga taýýardyklaryny belledi. Bu barada Energetika ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Hususan-da, energetika ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň goňşy ýurtlardaky tebigy gazy günbatar bazaryna ibermek üçin taýýardyklaryny belledi. Ol soňky döwürde Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan tebigy gaz üpjünçiligi babatda Türkiýä bilen gepleşikler geçirýändigini mälim etdi.

– Bu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň halkara energiýa taslamalarynda gazanan üstünligini, energiýa hyzmatdaşy hökmünde ygtybarlylygyny we ösen tebigy gaz infrastrukturasyny göz öňünde tutup, ýurdumyz tebigy gazyň goňşy ýurtlardan Günbataryň bazarlaryna iberilmeginde möhüm rol oýnap biler. Bu babatda Türkiýä Türkiýe Hazar sebitiniň tebigy baýlyklaryny, esasanam Türkmenistanyň tebigy gazyny, Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň, esasanam Ysraýylyň tebigy gazyny we uzakmöhletleýin esasda Yragyň tebigy baýlyklaryny biziň ýurdumyza we biziň ýurdumyzyň üsti bilen beýleki bazarlara eltmek üçin elinden gelenini etmäge taýýardyr – diýip, energetika ministri türk-german energetika forumynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri