BIZNES

Türkmenistanyň sergi strategiýasy işlenip düzüler

Paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.

– Soňky döwürde forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwatyny dünýä ýaýýarys. Şanhaý, Ýosu, Milan, Antalýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO” sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berildi. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap gurallarynyň we nusgalarynyň zerurdygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz, senagat nusgalarymyz bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek örän wajyp bolup durýar.

Biziň daşary ýurt döwletlerine amala aşyrýan saparlarymyzyň çäklerinde, hökümetara toparlaryň daşary ýurt döwletlerinde mejlisleriniň hem-de işewürlik maslahatlaryň geçirilýän döwründe milli sergilerimizi guramak we olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýum mümkinçiliklerini mahabatlandyrmak boýunça işleriň gerimi has-da giňeldilmelidir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmegini hem zerur wezipeleriň biri hasap edýäris – diýip, belledi.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy