DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy hem-de 2026-njy ýylyň«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary astynda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplarynyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda mini-futbol boýunça dostlukly ýaryş geçirildi. Ýaryş türkmen ýaşlarynyň guramaçylykly goldawy bilen guraldy.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we köpçülikleýin sportuny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Turnire Rumyniýanyň dürli şäherlerinden, şol sanda Buharest, Oradýa, Timişoara, Kluž-Napoka we beýleki şäherlerden gelen jemi ýedi topar gatnaşdy.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Kluž-Napoka şäheriniň «Turan» topary birinji orna, Buharestiň «Arkadag» topary ikinji orna, Ilçihananyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere we iň oňat oýunçylara medallar, hormat hatlary hem-de kuboklar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar