JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  1146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana, şeýle hem 134 daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar hakyndaky Karara gol çekdi.

 

Şoňa laýyklykda, şu gün Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu dabara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow,  ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we köpçülikleýin habar  beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Dabarada çykyş eden halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer ugurly daşary syýasatyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan göreşinde öňdeligi eýeleýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

Malim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Bu gezek bolsa,  1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip, olar 29 milletiň wekilleridir. Şeýle hem  6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolan 134 adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň eýeleri boldular.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda raýatlyga kabul edilen adamlara raýatlyk pasportlary halkara guramalaryň wekilleri tarapyndan uly dabara bilen gowşuryldy.

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen raýatlar öz çykyşlarynda halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda ynsanperwer syýastay alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi