Türkiýe Respublikasyna bir aýdan gowrak wagt bilen baryp görmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary uzak möhletli syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilýär. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna habar berdi.
Uzak möhletli syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar:
- hereket ediş möhleti alty aýdan az bolmadyk pasport
- wiza üçin ýüz tutmak sowalnamasyny doldurmak
- daşary ýurt gezelenji üçin ätiýaçlandyrma (Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda resmileşdirilýär)
- içerki pasportuň nusgasy (1, 3, 5, 9 we 32-nji sahypalary) we biometrik pasport (suratly baş sahypasy)
- 5х6 ölçegde 2 sany fotosurat
- wiza üçin dalaşgäriň we/ýa-da çagyrylýan şahsyň girdeji ýagdaýy (iş ýerinden almaly)
- uçar üçin awiabiletiň sargydy
- myhmanhana sargydy ýa-da Türkiýäniň raýatynyň çakylygy
Gezelenjiň maksadyna baglylykda şu aşakdaky resminamalar hem zerur bolup biler:
- Türkiýä dolanyp barylýandygyny tassyklaýan güwänamalar (ýer bölegine resminamalar, işlemäge ygtyýarnama, aýlyk zähmet hakynyň hasaplanylandygy barada maglumat, bankdan göçürme we beýlekiler)
- gezelenç syýahatçylyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan bolsa – syýahatylyk kompaniýasyndan saparyň wagtyny, barjak ýerini we maksadyny görkezýän resmi hat
- 18 ýaşdan kiçi çagalaryň hossary ýa-da ene-atalarynyň razyçylygynyň notariusdan tassyklanan nusgasy (Ene-atalaryň gezelenç wagty biriniň ýa-da ikisiniň hem ýok bolan halatynda).
Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlenipdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýe Respublikasyna “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli her hepdäniň duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy-Stambul aralygynda amala aşyrýan ýörite uçar gatnawlaryndan peýdalanyp bilýär.