BILIMJEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Türkmenistanyň raýatlary Hytaýyň hökümet talyp haky maksatnamalary boýunça okuwa ýüz tutup bilerler. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Sinzsýan mugallymçylyk uniwersiteti (Xinjiang Normal University) Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň talyplary üçin Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet talyp haky maksatnamalaryna kabul etmegiň ýörite düzgünlerini çap etdi.

Bu uniwersitet Hytaýyň Sinzsýan-Uýgur awtonom raýonynyň esasy mugallymçylyk ýokary okuw mekdebidir. Onuň düzüminde 18 sany fakultet we 13 sany ylmy-barlag instituty bolup, bakalawr, magistratura we doktorantura maksatnamalary amala aşyrylýar. Jemi 11 ylmy ugry öz içine alýan 72 sany bakalawr maksatnamasy hödürlenýär.

Talyp haky nämeleri öz içine alýar?

Hytaýyň hökümet talyp haky şulary doly üpjün edýär:

  • Registrasiýa (hasaba alyş) tölegi;

  • Okuw tölegi;

  • Ýaşajak ýeri (umumy ýaşaýyş jaýy);

  • Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy;

  • Gündelik ýaşaýyş harajatlary (aýlyk stipendiýa).

Onlaýn hasaba alyş 15-nji marta çenli dowam eder.

Ilçihana türkmenistanly talyplary bu mümkinçilikden peýdalanyp, sebitiň öňdebaryjy mugallymçylyk uniwersitetleriniň birinde bilim almaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Kabul ediş düzgünleri barada jikme-jik maglumat uniwersitetiň resmi saýtynda ýerleşdirildi: https://gjjl.xjnu.edu.cn/info/1030/5543.htm

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular