DÜNÝÄ

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Hytaýa gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli barmak yzlaryny tabşyrmazdan wiza alyp bilerler. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Ilçihananyň habar bermegine görä,  2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli 180 güne çenli berilýän gysga möhletli wizalara ýüz tutýan ähli arza berijiler biometrik maglumatlary, şol sanda barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaýa girenden soň ýaşaýyş rugsadyny almak göz öňünde tutulýan D, J1, Q1, S1, X1 we Z kategoriýaly wizalara ýüz tutýanlar üçin barmak yzlaryny tabşyrmak talaby saklanyp galýar we bellenen tertipde ulanylar.

Ýene-de okaň

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy