JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatlary türk doganlaryna kömek goluny uzadýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynda 6-njy fewralda güýçli ýertitreme boldy. Bu tebigy betbagtçylyk doganlyk Türkiýe Respublikasynyň köp sanly welaýatlarynda duýulyp, uly weýrançylyklara we köp sanly adam pidalaryna getirdi.

Şeýle kyn döwürde Türkiýe Respublikasyna kömek goluny uzadan döwletleriň biri hem Türkmenistan döwletimizidr. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan tebigy betbagtçylykda ejir çeken türk doganlarymyza ynsanperwer kömeginiň birnäçe tapgyry iberildi.

Şol bir wagtda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde hem haýyr-sahawat işi ýola goýuldy.

Munuň üçin şu gün Aşgabat şäherindäki Türkiýäniň wiza ýüz tutuş merkezinde ýertitremede ejir çekenler üçin gyşlyk odeýalolar kabul edilip başlandy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem Türkiýäniň wiza ýüz tutuş merkezinde ulanylmadyk we täze gyş üçin niýetlenen odeýalolaryň kabul edilýändiginiň şaýady boldular.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral metbugat wekillerine beren beýanatynda, Türkiýede emele gelen ýertitreme zerarly emele gelen kynçylyklary aradan aýyrmak üçin degişli işleriň geçirilýändigini belledi. Bu kyn günde agzybirligiň we duýgudaşlygyň miwesini görýändiklerini bellän ilçi doganlyk ýurdumyz Türkmenistanda bu raýdaşlygy duýýandyklaryny mälim etdi.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gynançlaryny bildirendiklerini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilçihanamyza baryp, hatyra kitabyna ýazgy galdyrandygyny belläp, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberen ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny aýtdy.

Türkiýäniň ilçisi häzirki wagtda Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň üçünji tapgyryny ibermek üçin taýýarlyk görülýändigini belläp, tebigy betbagtçylykda ejir çekenler üçin zerur bolan zatlary hasaba alyp, ilkinji nobatda odeýalo zerurlygy ýüze çykýandygy üçin Türkmenistanda şol kömegiň berilmegi ugrunda haýyr-sahawat işini ýola goýandyklaryny aýtdy.

Ilçi, bu ýere eýýäm Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan müňlerçe odeýalolar gelip gowşandygy belläp, ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen halkyna öz minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle hem ilçi bu kömekleriň gysga wagtda Türkiýede ýertitreme zerarly ejir çeken türk raýatlaryna iberilýändigini belläp, odeýalolary Türkiýäniň wiza ýüz tutuş merkezine getirip biljekdiklerini belläp geçdi.

Ilçiniň bellemegine görä, ilçihana tarapyndan 3 müň odeýalo iberildi, düýn ýene-de müň odeýalo iberildi.

Bu haýyr-sahawat işi türkmen halkynyň ýüreginiň ýylysynyň türk doganlarynyň ýanyndadygynyň bir nyşanydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýerleşýän Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň adyna daşary ýurt walýutasynda haýyr-sahawat bank hasaby açyldy. Bu ýerden ähli isleg bildirenler Türkiýede bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere goldaw berip bilerler.

Diňe täze, ulanylmadyk hem-de gaplanan odeýalolar 13:00-dan 17:00-a çenli Türkiýäniň Wiza ýüz tutuş merkezinde kabul edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Tokaýew: Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystana gelmegini sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady