JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli garaýyşlary BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.

Resminamanyň doly tekstini aşakdaky ssylkada tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/Home/Mobile?FinalSymbol=A/78/676.

Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň “Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak” hem-de “Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy” bentleri boýunça neşir edildi.

Bu resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary