JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki wagtda ýurdumyzda, hususan-da, Mary welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär. Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzyň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymyny üpjün etmek, olaryň kenarlaryny berkitmek, suw akabalaryny we ýaplary arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Mary welaýatynda senagat desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiligi we ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady we bu babatda komitetiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen, şeýle hem welaýatyň çäginden akyp geçýän Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Derýada kadaly suw akymyny almak üçin degişli işler geçirilýär. Bu işde kuwwatly tehnikalar netijeli işledilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär