JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda giň bäsdeşlik esasynda, milli saýlaw kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident saýlawlary ýurdumyzyň demokratik özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 68-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Ol döwlet Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň, raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň hem-de halkara borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wezipä girişmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda halkymyzyň ägirt uly ynam bildirendigini, munuň bolsa watandaşlarymyzyň abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has yhlasly zähmet çekmäge borçlandyrýandygyny nygtady.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde öňde goýlan belent maksatlaryň ählisine üstünlikli ýetiler diýip ynam bilen aýdyp bileris. Köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, öz maksatlaryna ýetmekde agzybirlikde hereket edýän türkmen halky häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyplydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär