JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş sapary üstünlikli tamamlandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanymyzy 21 — 24-nji sentýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek hem-de bu sammitiň netijesinde Halkara ynanyşmak kodeksini işläp düzmek boýunça başlangyçlary beýan edendigi bellenildi. Şeýle-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygyny nazara alyp we Durnukly ösüş maksatlarynyň milli hem-de sebit derejesinde ýerine ýetirilişine goşant goşmak maksady bilen, ýurdumyzda 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edildi. Munuň özi Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmäge hem-de Hazar ekologik başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmaga itergi berer. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek teklibi köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.

Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli ýörite plenar mejlisiniň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Baş Assambleýanyň çäginde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmäge we bu prosesiň netijeliligine, hususy pudagyň durnukly we hemmetaraplaýyn ösüşine bagyşlanan köp sanly çärelere, Zenanlaryň ýagdaýy baradaky 4-nji bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasarlary, Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen garaýyşlaryny we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlaryny beýan edendigini belläp, geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 raýatyň günäsi geçildi

«Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy