Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň ak ekin meýdanlaryna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar.
Kärendeçi daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly şertleriň döredilýändigini, döwletimiziň bugdaýdan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimizden öz yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň oragyna girişdiler. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň alnyp barlyşyny synlady.
Döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy babatda wise-premýer T.Atahallyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dünýä meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we gurallarynyň satyn alynýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky ilkinji hasylyndan taýýarlanylandygy habar berildi. Şunda çörek önümleriniň ýokary hili önümçilige täze ornaşdyrylan görnüşleriniň has tapawutlydygyny nygtamak gerek.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde pudaga täze gelip gowşan häzirki zaman tehnikalaryny synlady. Döwlet Baştutanymyz gallaçy kärendeçi I.Akmyradowyň alyp barýan işi, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanyp, onuň kärende ýerinde ýetişdirilen hasylyň derejesine üns berdi.
Kärendeçi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň üpjün edilýändigini nygtady. Ol 2010-njy ýyldan bäri maşgala agzalary bilen kärendä alan ýerinde bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirýändigini aýtdy.
Şeýle hem ol özüniň 62 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2025-nji ýylyň hasyly üçin 42 gektara bugdaý, 20 gektara bolsa gowaça ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.