JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.

Mejlisde çykyş eden Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň karary esasynda, goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, Watan goragçylarynyň eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolmak bilen, mundan beýläk-de jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hökmünde goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy meni eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzda asudalygy we parahatçylygy üpjün etmekde, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen zähmet çekmäge borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de merdana halkymyz bilen agzybirlikde we jebislikde öňde goýlan belent maksatlara doly ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi