JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün — 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmagyň gerimini giňeltmegiň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman obalardyr şäherçeler yzygiderli  gurlup ulanmaga berilýär. Olarda ilatyň ýaşaýyş şertlerini, medeniýetli dynç almagyny, tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Ir bilen dabaranyň geçirilýän ýerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, şeýle hem halk köpçüligi garşylady. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabarany toý ruhuna besledi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz çykyş edip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, täze döwrebap şäherçäniň gurulmagynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Soňra Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçe bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Ýolöten etrabynyň çäginde guruljak döwrebap şäherçäniň çäginde jemi 22 müň 500 ilatyň ýaşamagy niýetlenen bir gatly öýleriň 4 müň 500-si, mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş we medeni merkezler hem-de beýleki durmuş düzümleri göz öňünde tutulandyr. Ilatly nokadyň iri senagat desgalarynyň ýakynynda ýerleşmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşini üpjün etmekde, sebitleri sazlaşykly ösdürmekde möhüm ähmiýetlidir.

Wideoşekiller tamamlanandan soň, Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylarynyň birnäçesi çykyş edip, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz il sylagly ýaşulular bilen bilelikde, dabaraly ýagdaýda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutdy. Bu pursatlar şatlyk-şowhuna beslendi.

Dabara tamamlanandan soň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Asylly däbe görä, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Ýene-de okaň

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar