10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanylmaga berildi. Dabarada hormatly Prezidentimiz taryhy waka mynasybetli söz sözläp, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde eýelejek ornuna ýokary baha berdi.
Dabara gatnaşanlar ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi bilen wideoşekilli görnüş arkaly tanyşdylar. Dabaranyň dowamynda Fransiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýokary hil görkezijilerini tassyklaýan resminamalary türkmen tarapynyň wekillerine gowşurdylar.
Mary–Türkmenabat bölegi Aşgabat–Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji bölegidir. Awtomobil ýolunyň ugrunda naharhanalar, ýangyç guýujy beketler, awtoulag duralgalary, tehniki hyzmat ediş nokatlary we beýleki desgalar ýerleşýär. Ýoluň boýunda ýabany we öý haýwanlarynyň ýola çykmagynyň öňüni alýan gorag torlary gurnaldy. Olar üçin belli bir aralyklarda ýoluň aşagyndan ýörite geçelgeler guruldy. Ýoluň umumy giňligi 34.5 metre deň bolup, awtoulaglar her ugur boýunça üç zolakda hereket edip bilerler.
Awtobanyň ulanmaga berilmegi milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we ýurduň üstaşyr kuwwatyny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly taryhy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmegiň çäklerinde guruldy.
Bu giň gerimli taslama 3 tapgyrda amala aşyryldy. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlipdi.
2024-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi açylypdy.
