Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi ýurtda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan täze binalar we desgalar toplumy nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, medeniýet öýünden, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilendir.
Binalar we desgalar toplumy bilen tanyşlygynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly myhmanlar kitabyndan ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumyny açyp berendigi üçin döwlet Baştutanyna ähli harby gullukçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hem bu ýere ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we dikuçarda bu ýerden ugrady.
